Weneranyň bir gününiň Ýeriň näçe gününe barabarlygynyň üsti açyldy

Wenera Gün ulgamynda Ýere iň ýakyn planeta hasaplanýar, emma planeta henizem käbir syrlary saklaýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda alnan maglumatlara esaslanyp, Weneranyň bir gününiň näçe wagtdygynyň üstüni açdylar. Şoňa layyklykda, Weneranyň bir güni – Ýeriň 243 gününe deňdir.

Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA) alymlar topary gözleglerden we ölçeglerden soň Wenera gününiň ortaça 243.0226 Ýer gününe deňdigini subut etdiler. Başgaça aýdylanda, Wenera güni bir Ýer ýylynyň üçden iki bölegine deňdir.

Garaja BALKANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok