Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi öz muşdaklary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. 10-16-njy maý aralygynda “Aşgabat” kinoteatrynda paýtagtymyz bilen bagly bolan sýužetli saýlama filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.
Bir hepdäniň dowamynda her biri Aşgabat şäheriniň 1958-nji ýyldan başlap taryhyny we ösüşiniň dürli döwürlerini görkezip biljek 11 sany filmler görkeziler. Mundan başga-da, guramaçylar bu kinolary döreden kinorežissýorlar bilen duşuşmagy wada berýärler.
Tomaşaçylara H.Agahanowyň we P. Syrowyň ýaş suratçy hakynda gürrüň berýän “Ilkinji synag” suratyny filme geçiren A.Karpuhinyň Aşgabadyň 60-njy ýyllaryndaky keşbi garaşýar. Şeýle-de şäherimiziň ýaşyl, mylaýym we rahat atmosferasyny režissýor S.Garajaýewyň (operator U.Saparowyň) “Ýuwaş gelin” filminde duýup bolar.
Durky düýbünden täzelenen paýtagtymyzyň gözel keşbi “Galkynyş”, “Ajaýyp”, “Durmuş kyssalary”, “Gyzykly gezelenç”, “Kämillige ýol”, “Ýaş” köňülleriň ganaty”, “Bagt guşy”, “Tüweleýiň mekany bolmaz”, “Gumly gelniň aýdymy” ýaly filmlerde şöhlelendiriler.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler