“Sanly innowasiýalar” atly basleşigiň jemi jemlendi

Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly basleşigi geçirildi.

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 13-15-i aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly basleşigi geçirildi. Bäsleşik  ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen «Sanly Çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde geçirilidi.

 Bäsleşige ýurdumyzyň raýatlary bolan 30 (otuz) ýaşa çenli ýaşlaryň ählisi – mekdep okuwçylary, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, ýaş alymlar (aspirantlar, dalaşgärler), eýeçiliginiň gönüşine garamazdan, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Bäsleşige hödürlenýan programma üpjünçilikleri we taslamalar şu aşakdaky tematik ugurlara degişli boldy:

1. “Innowasion şäher”
2. “Sanly bilim”
3. Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar
4. Ýörite ugur
5. Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk.

Basleşigiň ýeňijilerini sylaglamak baş ugur, şeyle hem aşakdaky üç nominasiýa boýunça geçirildi:

– mekdep okuwçylarynyň arasynda – I, II, III orunlar;
– talyplaryň arasynda – I, II, III orunlar;
– ýaş alymlaryň we hünärmenleriň arasynda I, II, III orunlar.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

Şeýlelikde, «Innowasion şäher» ugry boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Şageldi Weliýew bilen Annanazar Mämiýewiň bilelikde taýýarlan «Awtoulag kärhanalarynyň optimal dolandyryşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmek», «Sanly bilim» ugry boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Durdygylyç Mergenow «E-mekdep», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar» ugry boýunça şol institutyň talyplary Nurmuhammet Allanow bilen Mahmyt Allaberdiýewiň bilelikde taýýarlan «Türkmenbaşy» bankynyň hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak», «ýörite ugur» boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Ýazmyrat Ataýew «Dalaşgär», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» ugry boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Ataýew «Ulgamlaýyn žurnal utilitasy» taslamalary bilen birinji orna mynasyp boldular.

Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda diplomlar, hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýeňijileriň işlerini önümçilige ornaşdyrmak üçin taslamalar ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlenilýär.

Kuwwat ABRAÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok