Aşgabat ägirtleri dünýä beren şäher ýa-da Baba Annanowy ýatlap

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda ak şäherimiz Aşgabat hem ak kürtesini egne atynyp, gözellik taýdan barha baýlaşýar. Aşgabat ajaýyplyklary, myhmansöýer halky, dünýä beren ägirt şahsyýetleri bilen meşhur. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şol meşhur şahsyýetlerimizi hormatlap, olaryň atlary görnükli binalara, ýokary okuw jaýlaryna, ajaýyp köçelerimize dakylýar. Şeýle şahsyýetleriň biri bolan Baba Annanowyň ady hem paýtagtymyz Aşgabadyň owadan bir köçesini bezäp otyr. Türkmen we sowet aktýory, režissýory, ssenaryçy we ýazyjy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti Baba Annanow 1934-nji ýylyň 20-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda dünýä inýär. Bu köçäniň taryhy bilen gyzyklansak, onuň başky ady Kotowskiý diýlip atlandyrylýar. Grigoriý Iwanowiç Kotowskiý (1881-1925) rus rewolýusioneri, sowet harby işgäri we syýasatçysy, şeýle-de raýatlyk urşuna gatnaşyjy hasaplanylýar. Kotowskiniň raýatlyk urşunda görkezen edermenligini biz Eduard Bagrisskiniň “Стихи о Котовском” (“Kotowskiý barada goşgy”, “Stihi o Kotowskom”) diýlip atlandyrylan goşgusyndan hem görüp bileris. Baba Annanow hem ömrüniň köp bölegini şu köçäniň ugrunda ýaşap geçiripdir. Onuň ogly Kerim Annanowyň gelni Akjagül Annanowa bilen söhbeteş bolanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi:

-Baba daýy Aşgabady, öýüniň ýerleşýän ýerini, öz ýaşaýan köçesini gaty gowy görerdi. Işden näçe ýadap gelsede göni öýe geläýmän, köçäniň ugrunda birki ýola gezim ederdi. Aslynda Baba daýy öňki “Budýonnyý” kolhozynda ýaşlygyny geçiripdir. Gaýynenemiň aýtmagyna görä, şäheriň içinden jaý berlende ol ilki-bada göçmejek bolup köp ýaýdanypdyr. Sebäbi Baba daýy topraga, obanyň jaýlaryna halys öwrenişipdir. Ýöne iş ýagdaýy sebäpli şäheriň içinde ýaşasa gowy boljagyna düşünýän gaýynym Kotowskiý köçesiniň ugrundan berlen jaýyň ikinji gatyna göçüp gelýär. Şondan soňra hem gaýynym ömrüniň galan bölegini şol köçede, şol öýde ýaşap geçirdi. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, biziň medeniýet-sungat işgärlerimiz, meşhur şahsyýetlerimiz  hatyralanyp, olaryň atlary edara-binalara, köçelere dakylyp başlandy. Baba daýynyň ömrüniň ahyryna çenli ýaşan köçesine hem “Baba Annanow köçesi” diýlip at dakyldy. Her gezek ýola çykyp, köçäniň ugrunda şu ýazga gözüm düşende özümiň şeýle ägirdiň gelnidigime, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda meşhur şahsyýetlerimize uly hormat goýulýandygyna begenip, gözümiň owalary çyglanýar.

Baba Annanow özüniň ýiti zehini bilen döreden keşpleri arkaly biziň aňymyzda ýaşap ýör. Režissýor Alty Garlyýewiň, ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany esasynda döreden adybir filmindäki Artygyň keşbi türkmen kino sungatynda täze ýyldyzyň dörändigini äşgär etdi. “Keçpelekde” bagşy Berdimyradyň, “Bagtyndan aýrylan Pyragyda” Döwletmämmet Azadynyň, “Zöhre-Tahyrda” Baba hanyň, “Gaýgysyz Atabaýewde” Gaýgysyzyň we başga-da birnäçe keşpleriň üsti bilen halkyň aňyna siňmegi başaran Baba Annanow öz döreden “Kärizgenler” kinodramasy bilen diňe bir türkmen kinematografiýasyny däl, kino sungatyndaky ägirtleri hem baýlaşdyrdy. Sebäbi bu filmiň baş gahrymany Kerim Annanow meşhur artistiň öz ogly. Dowamatyny-dowam edip bilen halypanyň iň soňky düşen kinosy “Ýaşlygymyň dessany” hasaplanýar. Iň soňky düşüren kinosy bolsa “Zöhre-Tahyr” bolup, ýarawsyzlygy zerarly bu kinonyň yzyny ogly Kerim dowam etdirýär.

Hawa, Aşgabadyň dünýä beren gerçeginiň keşbi, ady häzirki wagtda hem diňe biziň kalbymyzy we aňymyzy däl, eýsem gözel paýtagtymyzyň ajaýyp köçesini hem bezäp otyr. 

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok