23-nji aprel – dünýä edebiýatynda möhüm seneleriň biridir. 1616-njy ýylyň 23-nji apreli Serwantesiň, Şekspiriň we Inka Garsilaso de la Weganyň aradan çykan güni. 1995-nji ýylda Parižde geçen ÝUNESKO-nyň maslahatynda kitaba we onuň awtoruna, şeýle-de adamzadyň sosial we medeni ösüşinde tapylgysyz goşant goşan adamlara hormat goýmaga çagyryş edilýär. Bu maslahat Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününi, şeýle hem çagalaryň we ýetginjekleriň kitaplaryny ýaýratmak boýunça ÝUNESKO-nyň baýragyny esaslandyrýar.Bu baýramçylygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda kitaba bolan höwesi ýokarlandyrmakdan, awtorlyk hukugyny goramakdan ybaratdyr.
Bütindünýä baýramçylygynyň taryhy Kitaplara hormat goýmak we olara bolan söýgi XX asyryň başynda Ispaniýanyň Katalonoýasynda ýüze çykdy.1923-nji ýylyň 23-nji aprelinde uly kitap ýarmarkasyny gurnan ýerli kitap satyjylar tarapyndan tanyşdyryldy we her satyn alnan kitap bilen birlikde bir gül sowgat berilýär. Däp boýunça, awtorlar, neşirýatçylar, mugallymlar, kitaphanaçylar we kitap işi bilen baglanşykly bolan ähli adamlar şol güni öz baýramy hasaplaýarlar. 2005-nji ýylda Ispaniýada ,,Don Kihot’’ romanynyň ilkinji neşiriniň 400 ýyllygy bellenip geçildi. Bu roman Nobel baýragyna mynasyp bolan Gomer, Tolstoý, Dostoýewskiý, Kafka Folkneriň eserlerinden öňe saýlandy.
Awtorlyk hukugy islendik döredijilik hünäriniň aýrylmaz bölegidir. Dünýädäki ilkinji awtorlyk hukuk kanuny 1710-njy ýylda Angliýada peýda boldy. Russiýada bu waka ýüz ýyl soň 1828-nji ýylda bolup geçdi. Kitap medeni dürlüligiň dünýäsine penjire bolup, wagt we giňişlikde dürli siwilizasiýalary birleşdirýän köpri. Kitabyň kömegi bilen biz diňe bir bilimlere däl, eýsem pikirlere, ruhy we ahlak gymmatlyklaryna, gözellige adamyň döredijilik üstünliklerine düşünmäge mümkinçilik alýarys. Maglumat göteriji, bilimiň we döredijiligiň esasy bolan kitap her bir medeniýete özi hakda gürrüň bermäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Kitap güni ýüzden gowrak ýurtda, millionlarça adam tarapyndan bellenilýär.
Enegül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler