Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sahna oýunlary görkeziler

Dynç günlerini şadyýan we täsirli geçirmek isleýänlere Mary welaýatynda ýerleşýän Kemine adyndaky döwlet drama teatry gapylaryny giňden açýar.

Has dogrusy,  bu ýerde şenbe güni “Çynymy aýtsam” atly gülkili sahna oýuny görkeziler. Yzysüre ýekşenbe güni söýgi temasynda sahnalaşdyrylan “Söýgi ummanynda küreksiz atly oýun köpleriň göwün küýsegini kanagatlandyrar.

Oýunlaryň petekleri teatryň kassalaryndan alyp bilersiňiz.

Daýançmyrat SUWHANOW
TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok