Taryhda ilkinji gezek gara girdaplaryň töweregindäki magnit meýdanyna syn edildi

Taryhda görlen ilkinji gara girdap “M87*”  atly gara girdapdy. Ylymda ahyrky maksat ýok, her tapyndy täze gözlegler üçin ilkinji ädim bolup durýar. Kosmos gözlegleri barada aýdylanda hem bu üýtgemeýär. Mysal üçin, “M87*” atly gara girdap şekillendirilenden soň, alymlar işlerini indiki tapgyra çykardylar.

Bu gözlegleriň netijesinde, “M87*” gara girdabynyň töweregindäki magnit meýdany ýagtylygyň döwülmegi bilen ýüze çykaryldy. “Event Horizon” teleskopynda maglumatlary gaýtadan işleýän alymlar magnit meýdanyny açdylar.

Ýerden takmynan 55 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän gara girdapdan gelýän yşyklary öwrenen alymlar gaty güýçli polýarizasiýa täsirlerini synlamagy başardylar. Netijede alymlar, “gara girdabyň töweregindäki güýçli magnit meýdany fotonlaryň köpeliş ugruny üýtgedýär we polýarlaşmagyna sebäp bolýar” diýen pikire geldiler.

Ogulbaýram GURBANMUHAMMEDOWA,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok