Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä gatnaşan hususyýetçileriň ýene biri “Nur Ýüpek” hususy kärhanasydyr. Kärhananyň işi ýarym ýylyň içinde has işjeňligi bilen tapawutlanýar. Olar Türkiýeden we Hytaýdan gülýüpek matanyň ýüpek we bambuk görnüşlerini import edýärler. Şeýle-de onuň özüne degişli tikinçilik öýi hem hereket edýär. Olar dürli biçüwdäki köýnekleri taýýar görnüşde we buýurmalar esasynda halka hödürleýärler. Biz “Nur Ýüpek” hususy kärhanasynyň bloggeri we ýaş dizaýneri Bägül Mämmedowa bilen söhbetdeşligimiziň dowamynda ol bize şeýle gürrüň berdi:
“Nur Ýüpek” hususy kärhanasy geljekde gülýüpek matalaryny Türkmenistanda öndürmegi meýilleşdirýär. Biz öz hususy telekeçiligimizi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň sanly görnüşinde has ýaýbaňlandyrýarys. Biziň harytlarymyz teleýaýlymlarda, instagram sahypalarynda giňden mahabatlandyrylýar. Bu bolsa biziň gysga wagtyň içinde meşhurlyga eýe bolmagymyza we müşderileriň biziň harytlarymyza bolan isleginiň artmagyna getirdi. Şeýle-de biz birnäçe baýramçylyklar mynasybetli aksiýalary geçirdik. Mundan başga-da biziň önümlerimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän söwda nokatlarynda halka elýeterli bahadan hödürlenýär. Aşgabat şäheriniň içinde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Laçyn Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler