“Röwşen” aýakgaplary sergide

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwdä-senagat edarasynda guralan sergä gatnaşan ýurdumyzyň Mary şäherinde ýerleşýän “Röwşen” hususy kärhanasy döreýiş taryhy we öndürýän önümi bilen gyzyklanamyzda onuň hünärmeni bize şeýle gürrüň berdi:

-Mary şäherinde ýerleşýän “Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri dünýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen bilelikde utgaşdyryp berk ykjam, ekologiýa taýdan  arrasa,  ýokary hilli deriden tikilen aýakgap onümlerini öndürip halkymyzyň hyzmatyna ýetirip gelýär. Biziň kärhanamyz iki gatdan ybarat bolup, biçimçilik-tikinçilik we galypçylyk bölüminden ybarat. Kärhanada 200 den gowrak  adam zähmet çekýär. Her aýyň dowamynda 15 müň jübüt aýakgap öndürilýär. Mundan başgada belläp geçmeli zatlaryň biride “Röwşen” hususy kärhanasy diňe bir erkek adamyň aýakgap önümlerini öndürmek bilen çäklenmän eýsem häzirki döwürde mekdep ýaş okuwçylary we zenan maşgalalar üçin hem täze tapgyryny öndürmäge başlady. Biziň kärhanamyzyň esasy maksatlarynyň biri importy azaldyp eksporty artdyrmak bolup durýär. Ondan başgada her hili pudakda işleýän ýagny harby gullukçylar saglygy goraýyş senagaty we gurluşykçylar pudagynda işleýän işgärler üçin hem ýörite niýetlenen aýakgap önümleri hem bar. Ýagny senagatçylar we gurluşykçylar pudagynda işleýän raýatlarymyz üçin ýörite öndürilen ujy demir goragly aýakgap önümleri hem bar. Müşderini her hili talaplaryny kanagatlandyrýarys.

-Aýakgaplaryň dabanlyk bölümi Turkiýe we Italiýa ýurtlaryndan gelýär. Ulanýan enjamlarymyz hem Italiýa, Turkiýe we Germaniýa ýurtlarynyň enjamlary. Aýakgabyň üstki bölegi iri şahly mallaryň derisinden işlenip taýýarlanylýar. Içki bölegi bolsa ownuk mallaryň dersinden taýýarlanýar. Ýagny iki gat deri bolýar,içi hem daşy 100 göterim deriden ybarat. Başgada belläp geçmeli zatlaryň biri mekdep ýaş okuwçylaryň, talyp ýaşlary şolar üçin hem ýörite niýtlenen döwrebap lybaslaryna kywapdaş aýakgaplar öndürilýär.

-Ýene-de aýdyp geçmeli zatlaryň biri maryda ýerleşýän “Maksat deri” açyk paýdarlar jemgyýeti bize her aýyň dowamynda 1 mln dm derini  öz paýdar bolan “Röwşen” hususy kärhanasyna taýýarlap berýär. “Röwşen” hususy kärhanasynda taýýar deriden aýakgaplaryň hemme işleri ýerine ýetirilýär.

-Türkmenistanyň çäklerinde ýagny Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda we etraplarymyzda “Röwşen” hususy kärhanasynyň 30-dan gowrak satyş nokatlary bar. Hem-de www.rowshen.tm onlaýn satyş nokadymyz bar, internet saýtyndan onlaýn sargyt edip bilersiňiz.

Farhat ŞARIPOW,
 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklaryfakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok