Paýtagtymyzyň iri söwda merkezleriniň köpüsinde biz “Halk market” ýazga duş gelýäris. Bu hususy kärhananyň döreýiş taryhy bilen gyzyklananymyzda onuň hünärmeni bize şeýle gürrüň berdi:
-“Halk marketiň” taryhyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” atly söwda merkeziniň taryhy bilen baglanyşdyrsak has ýerlikli bolar. Biz esasan ýerli telekeçilerimizden “Balam” konditer önümleri kärhanasy we “Balhan” doňdurylan önümler kärhanasy bilen işleşýäris. Biziň söwda nokatlarymyzda ýerleşdirilen harytlaryň 50 göterimden gowragyny daşary ýurtlardan getirilen harytlar düzýär. Häzirki wagtda biziň paýtagtymyz Aşgabatda 6 nokatda, şeýle-de Lebap welaýatynda we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde bölümlerimiz hereket edýär. Geljekde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda öz iş nokatlarymyzy açmagy meýilleşdirýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda gurnalan sergä gatnaşan ýene bir hususy kärhana “Balam” konditer önümleri kärhanasydyr. Bu kärhana 2016-njy ýylyň noýabr aýynda esaslandyryldy. Ilkibaşda önümçilik işine tortuň 5 sany görnüşini öndürmek bilen girişen “Balam” häzirki wagtda önümçiligini iki ugur boýunça gatlakly we konditer önümleri görnüşinde alnyp barylýar. Hususy kärhanada şu günlerde 140-a golaý konditer önümleri, 80-e golaý bolsa gatlakly önümleriniň görnüşleri öndürilýär. Bu hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň gürrüň bermegine görä, kärhana geljekde hem özüniň halkyň göwnünden turýan harytlarynyň sanyny has giňeltjekdigini belledi. Şeýle-de “Balamyň” geçginli harytlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak bazarlaryny bezeýär.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler