Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyly mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda uly sergi gurnaldy. Bu sergät Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň 190-dan gowragy öz önümleri bilen gatnaşdylar we sergä baran myhmanlara öndürýän önümümerini we berýän hyzmatlaryny tanatdylar.
“Talhan” çörek we konditer önümleri kärhanasynyň işgäri Aýdogdy Annamyradow: – Ilki bilen sözüme kärhanamyzyň taryhy bilen başlamak isleýärin. “Talhan” çörek we konditer önümleri kärhanasy öz işine “Gülzaman” hojalyk jemgyýetine degişli bolup başlady. Ençeme ýyldan bäri halkymyza öndürýän önümlerimizi amatly bahadan ýetirmek arkaly zämet çekýäris. Ilki başda çörek önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürip, başlan kärhanamyz häzirki wagtda öz işinde öňe gidişlikler gazandy. Biziň kärhanamyz iki görnüş boýunça önümçilik işlerini alyp barýar. Çörek önümleri we konditer önümleri. Çörek önümleriniň 25-30 görnüşi, konditer önümleriniň bolsa 190-dan gowrak görnüşini halkymyza hödürleýäris. Müşderilerimiziň isleglerini ganagatlandyrmak baş maksadymyz bolup, ýokary hilli serişdeleri ulanýarys. Ýurdumyzyň ähli künjegine önümlerimzi ýetirýäris. Bize döretmäge, ösmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömrü uzak bolsun!
Söhbetdeşligi taýýarlan:
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler