“Şabakja” bir ýylda 10 görnüş täze önüm öndürip başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyly mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda geçýän sergisine “Şabakja” hususy kärhanasy hem gatnaşýar.

“Şabakja” hususy kärhanasynyň işgäri Aýhan Rejepow: – Şu gün   “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň” döredilenine 13 ýyl dolýar. Şol mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän kaşaň binalaryň biri bolan    Söwda-senagat edarasynda uly sergi gurnaldy. Bize hem öz öndürýän önümlerimizi bilen sergä gatnaşmak bagty nesip etdi. Biziň hususy kärhanamyz 2016-njy ýyldan bäri öz işini alyp barýar. Guradylyp gaplanan ir-iýmişleri,  çörek bölejikleri, mekgejöwen taýajyklaryny we şuňa meňzeş önümleri öndürýäris. Biz esasan ýerli we daşary ýurt serişdelerini ulanmak arkaly önümlerimiziň sanyny ýyl saýyn artdyrýarys. Kärhanamyz ilki işläp başlanda 12 sany görnüşde önüm öndürýän bolsa häzirki wagtda olaryň sany 39-a ýetdi. Bir ýylyň dowamynda 10 sany täze önüm öndürmäge başladyk. Geçen 2020-nji ýylda 410 müň tonna önüm öndürdik. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip barýän ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak,  alyp barýan il-ýurt bähbitli ilşerli rowaçlyklara beslensin!

Söhbetdeşligi taýýarlan:
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok