Elon Mask bir günde 15 milliard dollar ýitirip, «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy. Bu baradaky habary “Bloomberg” web sahypasyna salgylanmak bilen turkmenportal habar saýty ýetirýär.
Dünýäniň öňde baryjy telekeçisi bolan Elon Mask, “Tesla” şereketiniň aksiýalarynyň bahasy 8,6 göterim pese gaçdy. Şonuň netijesinde hem iň baý adamlaryň hatarynda 1nji orundan pese gaçdy.
Elon Maskyň baýlygy 15,2 milliard amerikan dollary azaldy. Elon Maskyň baýlygy ýanwar aýynda 210 milliard dollar diýlip hasaba alnypdy. Ýöne, ol şu aýda bir günüň içinde 15 milliard dollar ýitirip, «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy.
Çynar ORAZOWA
Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünyä
dilleri inistitutynyň mugallymy
Teswirler