Türkmen ýaşlarynyň döredijilik bäsleşik sergisi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, döredijilik gözleglerine ukyply bolmagy ugrunda aýratyn üns berlip, asyrlara nusgalyk döwletli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «Ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak  ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr» diýip jaýdar belleýär. Hut şundan ugur alnyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýörite çeperçilik mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp döredijilik bäsleşigi  geçirildi.

Bäsleşik sergide ýurdumyzyň ýörite çeperçilik we sungat mekdepleriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde, şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, kulalçylyk, zergärçilik, ugurlary boýunça  dürli žanrlarda ýa-da temalarda şekillendirilen eserler, sungatyň ýaş wekilleriniň döredijilik garaýşynda  ýüze çykan pikiriniň mazmuny taslamada bir ýere jemlenip, çuň manylygy bilen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bäsleşik sergide 1-nji orna zergärçilik ugry boýunça Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary Ýagmyrow Mekanmyrat «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly eseri bilen, heýkeltaraşlyk ugry boýunça Orazmämmedow Rüstem «Türkmenistan – arzuwlaryň  hasyl bolýan ýurdy» atly eseri bilen, 2-nji orna nakgaşçylyk ugry boýunça Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyby Rahmanowa Çynar «Parasatly şam-çyrag» atly eseri bilen, Lebap welaýatynyň ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Rahmatkulowa Nurjan «Parahatçylygyň waspçysy» atly eseri bilen, 3-nji orna nakgaşçylyk ugry boýunça Daşoguz welaýatynyň Magtymguly adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Amanow Mekan «Bereketli türkmen saçagy» atly eseri bilen öňe saýlandylar. Dabarada üstünlik gazanan talyp ýaşlarymyz ýörite diplomlar we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Watanymyzyň rowaçlyklaryndan ruhlanýan bagtly ýaşlarymyz geçirilýän şeýle bäsleşik sergilerine gatnaşyp, öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdardyrlar. Goý, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun!

.

                                                                Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

                                                                                         

                                                            

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok