18-NJI FEWRAL-TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözulmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” türkmen Bitaraplygynyň hoşniýetli, özara bähbitli, parahatçylyk söýjülikli we döredijilikli ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara  gatnaşyklary çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär. “Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunynda : “Diplomatik gulluk – bu döwlet gullugynyň  Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi  boýunça ygtyýarlyklarynyň  ýerine ýetirilmegi,  halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň  hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi  hem-de olaryň  goralmagy  bilen baglanyşykly görnüşi” diýip bellenilýär.

2009-nji ýylyň fewralynda Hormatly Prezidentimiz her ýylyň 18-nji fewralyny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine goýulýan sarpadan nyşandyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşip, täze derejä çykýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji we dörediji döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde özüni ykrar etdirmek bilen dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.

Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegi bilen ýyrdumyz adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseleleriň çözgüdine  hem barha işjeň gatnaşyp başlady. “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Arkadag Prezidentimiz tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag giňişligini döretmek we başgalar barada öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipler dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlugyň, durnukly ösüşiň üpjin edilmegine gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasy giňişliginde ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ylym-bilim ulgamydyr. Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen ýörite ýokary okuw mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmegine  şu  ýylyň mart aýynda  on üç ýyl bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş pudak ýolbaşçylaryna  beren tabşyryklarynda Türkmenistanyň diplomatik gullygynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagy we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamak Halkara gatnaşyklary institutynyň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny belledi. Şeýle hem,  häzirki döwrüň talabyna laýyklykda bu okuw jaýynda täze hünar ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmagyň mümkinçiligini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň milli diplomatiýamyzyň geljekki  nesilleri baradaky atalyk aladalaryny okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň döredijilikli işlemekleri we okamaklary  üçin döredilýän sertlerde öz beýanyny tapýar. Yokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlar ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynda we onuň welaýatlardaky bölümlerinde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary  bilen 2013-nji ýyldan bäri ýokary okuw mekdebiniň uçurym ýylynyň talyplarynyň okuw tejribeliklerini Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsulluk edaralarynda geçmekleri ýola goýuldy. Munuň özi ýaş hünärmenleriniň öz işlerini has kämil ele almaklary, hünär aýratynlyklary  bilen iş ýüzinde tanyşmaklary, daşary ýurtlaryň halklarynyň milli däp-dessurlary barada has-da içgin bilmekleri, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmekleri üçin uly mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen  2016-njy ýylda inistitutda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boyunça merkez açyldy we onuň işi ýola goýuldy. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek üçin bu ugurdan ýörite merkez döredildi. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny öwrenmek, bu babatda okuw we ylmy-tejribe öwreniş işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, halkara guramalary bilen özara utgaşykly işleri has-da giňeltmek maksady bilen gol çeken Karary sözüň doly manysynda taryhy waka boldy.  Bu Karara laýyklykda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary inistitutynda türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi açyldy we institutyň gurluşy tassyklanyldy.  Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi häzirki wagtda dünýäniň ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.

Milli Liderimiziň  “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygar bilen yglan eden ýylynda hem Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň dünýä döwletleri  we abraýly halkara guramalar bilen  konstruktiw hyzmatdaşlyk taglymatlaryna esaslanan syýasy –diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da giňejekdigine we ösjekdigine ynanýarys.  Bu bolsa ýurdumyzyň diplomatik gullugy  ulgamynyň her bir işgäriniň mundan beýläk-de ýokary jogapkärli hem-de tüýs ýürekden Watanymyza gulluk etmeklerine ruhlandyrýar.

.

 Täçnabat PAÝTYKOWA,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok