Antarktidadaky buzluklaryň 900 metr aşagynda ýaşaýan jandarlar tapyldy

Alymlar Antarktidanyň buzluk yklymynda 900 metr aşakda, ýagtylygyň barmaýan we 0° temperaturada janly-jandarlaryň ýaşaýandygyny anykladylar. Bu açyş, ýaşaýyşyň biziň planetamyzdan başga planetalarda hem bolup bilmegi mümkin diýen diýen pikire sebäp boldy.

Ylmyň pikiriçe, juda sowuk ýerde hrm ýaşaýyş ösüp biler, muny soňky açylan açyş bu pikiri goldaýar. Iňlis Antarktida gözleg toparynyň (BAS) gözlegçileri Antarktidadaky buz örtüginden 900 metr aşakda -2.2 gradus selside ýaşamaga ukyply janly-jandarlary tapdylar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, suwuň has suwuk ýerlerinde ýaşaýşyň ösüp biljekdigi öňe sürülýär, ýöne öň şeýle agyr şertlerde ýaşan jandar görnüşleri ýokdy diýsegem ýalňyşmarys. Täze açylan açyş bu jandarlaryň şeýle gurşawda nädip ýaşap biljekdigi baradaky soraga bolsa entäk jogap tapanok.

Arazsoltan PYHYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok