Düýn 11-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýewropanyň Mümkinçilikler we howpsuzlyk institutynyň arasynda möhüm resminama – Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Bu dabarada söz alanlar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer, ylmy, söwda-ykdysady ugurlarda birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygyň pajarlap ösýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem, bu babatda aýratynam ylym-bilim ulgamyna uly üns berilmelidigi dabaranyň esasy maksady boldy. Dabaranyň netijesinde iki tarapdan wekilçilik edýän resmiler ýokary okuw mekdepleriniň ösüşine uly goşant goşjak Ähtnama gol çekdiler.
Ähtnamanyň çäklerinde taraplar geljekde ylym-bilim ugrunda dürli taslamalary durmuşa geçirmek, okuw alyş-çalşygyny gurnamak boýunça pikirleri orta atdylar. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe saparlaryny gurnamak, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugry boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda oňyn usullary ulanmak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler hem taraplaryň üns merkezinde boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna şeýle ynamly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdiler.
Mekan Annagylyjow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby
Şeýle-de görüň:
InAshgabat portaly jenap Fransua Delaus bilen ýörite söhbetdeşlik geçiripdi
Şeýle-de okaň:
“Blokwil, türkmenleriň arasyndaky fransuz” atly sergi geçirildi
Aşgabatda fransuz dilini nirede öwrenip bolýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi ynanç hatlaryň nusgalaryny gowşurdy
Fransiýanyň ilçisiniň hoşlaşyk duşuşygy
Ýewropa hepdeligi geçirildi
The exhibition-competition “Blockville, a Frenchman among the Turkmen”
Where to learn French in Ashgabat?
Выставка-конкурс «Блоквил, француз среди туркмен»
Поэтическая гостиная №62 (22.08.2020)
Краткий экскурс в мировую литературу. Антуан де Сент-Экзюпери
Краткий экскурс в Мировую литературу. Виктор Гюго
Поэтическая гостиная №57 (18.07.2020)
Краткий экскурс в Мировую литературу
КАК ЗДОРОВО, ЧТО ВСЕ МЫ ЗДЕСЬ СЕГОДНЯ СОБРАЛИСЬ…
Teswirler