2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda geçen Germaniýanyň Frankfurt şäherindäki bütin dünýä awtomobil sergisinde Audi kompaniýa özüniň Audi RS7 Sportback awtomobiliniň 2-nji nesilini görkezdi.
Audi RS7 Sportback özüniň daş keşbiniň dizaýny boýunça 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda görkezilen Audi A7 meňzeş bolup, awtomobiliň bamperleri agressiw görnüşindedir.
Ähli soňky görkezilýän Audi awtomobillerinde boluşy ýaly Audi RS7 hem salony ýokary derejededir. Görkeziji esbaplaryň ählisi displeýde ýerleşdiriň awtomobiliň içinde knopka görnüşinde sazlaýjylar ýok diýen ýalydyr. Elbetde geljekde ähli awtomobiller biziň häzirki durmuşymyzda görýän knopkalarymyz ýuwaş ýuwaş-dan aýyrylyp diňe elektriki taýdan dolandyryş görnüşine geçilýär. Muňa aýdyň mysal edip Tesla Model 3 alyp bileris.
Audi RS7 Sportback 4 litr V8 TwinTurbo motor bolup 600 at güýje we 800 NM barabardyr. Awtomobil 8 skorostly awtomat bilen üpjin edilip, quattro ýagny 4 tekeri hem işleýär. Awtomobilde garşydaşlary BMW we Mercedes kompaniýalarda bolan islegiňe göra 4 teker we diňe yzky tekeri işleýän funksiýa ýokdur. Bu bolsa esasy minuslaryň biridir.
Awtomobil 100 km/sag tizlige 3,6 sekunt gerek bolup ýokary tizlik 250 km/sagatdyr. Bu tizligi Dynamiс opsiýany satyn alana 280 km/sag çenli uzaldylýar. Eger Dynamiс Plus opsiýany satyn alana bolsa 305 km/sag tizlige ulaldylýar.
Audi RS7 Ýewropa ýurtlaryna 2019-njy ýylyň ahyrynda Audi RS6 Avant bilen bile satlyga başlar. Awtomobiliň bahasy 130.000$ barabardyr.
Teswirler