Dünýä her ýyl 1,2 trillion tonna buz ýitirýändiginiň üsti açyldy

Täze barlaglar netijesinde, dünýädäki buzlaryň eremegi çak edilişinden has çalt bolup geçýändigini ýüze çykardy. Şoňa laýyklykda dünýä her ýylda 1,2 trillion tonna buz ýitirýär.

Dünýä häzirki wagtda COVID-19 epidemiýasy bilen göreşýär we oňa garşy birnäçe sanjymlar döredilýär. Ýöne dünýädäki tejribeli alymlaryň aýtmagyna görä, epidemiýadan soňky global mesele “howanyň üýtgemegidir”.

Global ýylylyk we howanyň üýtgemegi ýerdäki ýaşaýyşa uly howp salýar. Ýöne biz bu howpy ýönekeý hasaplaýarys. Emma täze gözlegleriň netijesinde, howanyň çak edilişinden juda çalt üýtgemegi Ýerdäki buzluklara ýaramaz täsir edýär.

“The Cryosphere” žurnalynda çap edilen täze habara görä, buzlaryň eremegi we howanyň üýtgemegi kenarýakasynda ýaşaýan ýaşaýjylara ýaramaz täsir edip biljekdigi bellenilýär.

1994-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda Ýeriň ýüzünde takmynan 28 trillion tonna buz ýitdi. Munuň üçden iki bölegi atmosferadaky temperatura, galan üçünjisi deňiz temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Hasaplamalara görä, 1990-njy ýyllarda her ýylda 0,8 trillion tonna buz ereýärdi, ýöne 2017-nji ýyla çenli bu mukdar ýylda 1,2 trillion tonna çenli ýokarlandy. Bu döwürde ýüze çykan buz ýitgileriniň dünýädäki deňiz derejesini 35 mm ýokarlandyrandygyny aňladýar.

Buzuň eremeginiň tizligi ýakyn wagtda çaltlaşar diýlip çaklanylýar. “NASA”-nyň Grenlandiýada geçiren gözleginde sebitdäki 74 uly buz daglarynyň gowşandygyny ýüze çykardy.

Döwlet ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok