Aşgabat şäherinde täze taslamalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny has-da ösdürmeginiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylyklygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy bar. Şonuň bilen bir hatarda, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok