Ispaniýadan 5000 ýyllyk kristal hanjar tapyldy

2007-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda Ispaniýada gazuw agtaryş işlerini geçirýän arheologlar gaýa kristalyndan ýasalan hanjary tapdylar.

Hünärmenler bu hanjary ýasamak üçin örän ussatlygyň gerekdigini mälim edýärler. Takmynan 5000 ýaşyndaky, uzynlygy 21,5 dýuým bolan bu hanjaryň ýany bilen birnäçe ýaý oklary, pyçaklar tapyldy.

Arheologlar bu taryhy gaýa kristalynyň simwoliki ähmiýete eýe bolup biljekdigini aýdýarlar. Şeýle hanjarlaryň taryhy döwürde ata-babalar, jadyly güýçler bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanylandygy bellenilýär. “Quaternary International” žurnalynda çap edilen makalada bu tapyndylaryň diňe şol döwürde saýlama adamlar üçin elýeterli bolan jaýlanyş çärelerinde ulanylýan guraldygy barada aýdylýar.

Arheologlar 43,5 kw metre ýetýän  binanyň sekiz ýerinde dürli-dürli asyra degişli gaýa kristallaryny tapdylar. Alymlar bu ýerden başga-da birnäçe mumýalanan tabytlaryň üstüni açdylar.

Şükür REJEPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok