Sanly ykdysadyýet halkymyzyň bähbidine

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi döwletimizde amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Ýakyn döwürde milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan bu ugur barada daşary ýurtlarda toplanan tejribäni öwrenmek, onuň bähbitli taraplaryna göz ýetirmek möhüm bolup durýar. Munuň üçin ilkinji nobatda «Sanly ykdysadyýet – bu näme?» diýen soraga jogap bermek zerurdyr. Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr. Ykdysady nazaryýet ylmynyň nukdaýnazaryndan teswirlenende, adat bolşy ýaly, ozal zähmet, kapital we çig mal önümçilik faktoryna degişli bolan bolsa, indi innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Näme üçin häzirki döwürde maglumatlaryň ähmiýeti artýat? Sebäbi häzirki döwürde maglumatlar täze aktiw hökmünde häsiýetlendirilýär we islendik aktiwiň gymmatlygynyň bolşy ýaly, onuň hem gymmatlygy bardyr. Ýagny maglumatlary täze maksatlary we täze ideýalary amala aşyrmak üçin ulanyp bolýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden tapawutlylykda dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlryň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanylyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar sanlaşdyrylan ykdysadyýeti köp döwletler üçin özüne çekiji edýär.

Umuman, sanly ykdyadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýar.

.

Rejepgül BAÝRAMGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok