Täjigistan we Özbegistan kadaly howa gatnawyny ýola goýdular

Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümetleri, iki ýurdyň arasynda yzygiderli howa gatnawlary dikeltmek barada ylalaşdylar. Bu barada sng.today internet habar portaly habar berýär. Häzirki wagtda ilkinji uçuşlaryň takyk senesi belli däl.

Özberk awiakompaniýanyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, Daşkent-Duşanbe reýsiniň 20-nji ýanwarda işlejekdigi nygtalýar. Mundan başga-da, bu ugurdaky ähli biletler eýýäm satylandygy haba berilýär.

Ýatlap geçsek, iki ýurduň arasynda gatnawlar geçen ýylyň mart aýynyň 16-syna togtadylypdy.

Ata Muhammet Sähra
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok