Türkmen türgen gyzyň üstünlikleri

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň islendik görnüşi  bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa, ilki bilen, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmeklerine oňyn şertler döredýär.

Döwletimiziň demirgazyk nokady bolan Daşoguz welaýatynyň  dürli künjeklerinde hem sporty özüne hemra edinen ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Ine, şeýle ruhubelentlik bilen maksada okgunly ýaşlaryň biri hem sportuň agyr atletika görnüşi bilen meşgullanýan Ýulduz Jumabaýewadyr.

Türgen gyz sport bilen 2010-njy ýyldan başlap meşgullanyp başlaýar we az wagtyň içinde uly üstünlikler gazanýar. Muny bolsa, sportuň, ilkinji nobatda, çagalarda berk, düzgün-tertipli gündelik durmuşyny kemala getirýändigi bilen düşündirip bolar – diýip onuň  ilkinji tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew belläp geçýär.

 Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda 45 kilogram bilen çykyş etdi we bürünç medala mynasyp bolupdy.  Mundan başga-da Ýulduz Jumabaýewa halkara ýaryşlarda hem çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenleriň biridir. Ýaşlygyndan sport bilen yzygiderli meşgullanyp gelýän maksada okgunly gyza häzirki wagtda tälimçi Ahmet Saryýew halypalyk edýär. Onuň halypalyk etmeginde sapak alyp, sportdaky tejribesini artdyrýan türgen gyz, öňünde goýan uly maksatlaryna ýetmekde köp zähmet çekýär.

  Biz hem ýaş türgen gyza geljekde-de öňde goýan maksatlarynyň wysal bolup, uly üstünliklere ýetmegini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sport ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmagyny arzuw edýäris.

Nowruz HOJAMBERDIÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok