mk.ru-nyň bellemegine görä esasy azyk önümleriniň we çig malyň dünýä bahasy 2020-nji ýylda soňky üç ýylyň içinde iň ýokary baha boldy. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) FAO-nyň azyk nyrhlarynyň indeksine esaslanyp habar berdi.
Geçen ýylyň dekabr aýynda görkeziji 107,5 bala çenli, ýagny noýabr aýy bilen deňeşdirilende 2,2% ýokarlandy, hut şonda indeksiň tas alty ýylyň içinde iň ýokary derejesi bellige alnypdy.
2020-nji ýylda indeksiň ortaça görkezijisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3,1% ýokary boldy. Şeýle-de bolsa, ol 2011-nji ýylda hasaba alnan rekord görkezijiden 25% pesdir.
Şeýlelikde, FAO-nyň ösümlik ýagynyň baha görkezijisi dekabr aýynda 4,7% ýokarlandy (2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri rekord). Däneli ekinleriň baha görkezijisi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 6,6% ýokarlandy. Ýylyň ahyrynda iň uly ösüş tüwiniň (+8,6%), mekgejöweniň (7,6%) we bugdaýyň (5,6%) paýyna düşdi. Noýabr aýy bilen deňeşdirilende baha görkezijisi 3,2% ýokarlanan süýt önümleriniň bahasy 7 aý bäri ösýär.
FAO azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyny diňe käbir bökdençliklere we üpjünçiligiň yza çekilmegine getiren pandemiýa bilen baglanyşdyrmak islemeýär. Hünärmenleriň tassyklamalaryna görä, bahanyň dinamikasy üpjünçiligiň we islegiň gatnaşygyna baglydyr.
Gülruh HUDAÝBERDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler