ORHIDEÝA KALANIÝA

Täsin we ýürege ýakymlylygy, owadanlygy bilen tapawutlanýan orhideýa kalaniýasy  owadan, ot görnüşli ösümlikdir. Onuň kiçijek gülleri hakyky ussadyň döreden heýkeliniň nusgasyna meňzeýär. Onuň ajaýyp ganatlary, owadan kelleleri, kütek egrelen çüňkleri edil janly ýaly bolup görnýär. Bu ördege meňzeş gülüň kalaniýa orhideýa diýlip atlandyrylmagy  ömrüniň aglaba köp bölegini ösümlikçilikde geçiren Jorj Kalaniniň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu  täsin orhideýa geçen asyryň başlarynda Bennelong Poýnt adasyndan tapyldy.

Orhideýa kalaniýa ösümliginiň boýy 50 sm–e ýetip, ýapraklary insiz  tekiz, gülüniň  uzunlygy bolsa 18 sm bolup, güli ýapyk gyzyl reňkde, daşky gurluşy boýunça täsin, ördek burun guşlaryna  meňzeýär. Olaryň belli bir görnuşi “Uçýan ördek” diýlip atlandyrylýar. Orhideýa kalaniýa ýanwar we fewral aýlarynda  gülleýan ösümliklerdir.

Emma, bu ösümligi diňe belli bir ýerlerde bezeg hökmünde ösdürilip ýetişdirýärler. Gadymy döwürlerde hem bu güli Korol bagy bolan Kýuda bezeg hökmünde ösdürmäge synanyşyk edilipdir. Orhideýa kalaniýa howa şertlerine baglylykda uzagy bilen iki ýyl ýaşaýar we ondan soň guraýar.

Ýazmyradow ORAZMYRAT,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok