Alymlar daş içinde saklanyp galan 100 million ýyl mundan ozalky gülüň täze bir görnüşini tapdylar.

Alymlar Mýanmar şäherinden, amber daşynda saklanyp galan 100 million ýyllyk gül görnüşini tapdylar. Bu gül görnüşi şu güne çenli öz durkuny üýtgetmän saklanyp galypdyr. Tapylan gülüň has irki döwrüre degişlidigi çaklanylýar.

Ýaşaýan planetamyzyň milliardlarça ýyllyk taryhy bar, emma entägem çözülmesi kyn syrlary bar. Her gün diýen ýaly ýaşaýan dünýämiz, syrlaryny biziň bilen paýlaşmak bilen her gün geň galdyrmagyny dowam etdirýär.

“Dailymail” -iň habar bermegine görä, Oregon Döwlet uniwersitetiniň hünärmenler topary Mýanmardan tapylan amber daşynda saklanyp galan gadymy döwüre mahsus gülüň täze görnüşini tapdylar. Daşda galan gülüň 100 million ýyl ozala degişlidigini aýdýarlar.
Alymlar munuň diýseň uly açyşdygyny aýdýarlar.

Nazarly NAZARLYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok