Guşlaryň çykarýan ajaýyp sesleri netijesinde, adamlaryň özlerini has gowy duýup biljekdigi ýüze çykaryldy.
ABŞ-da geçirilen täze gözlegiň netijesine görä, adamlar tebigatda gezip ýörkä eşidýän guş sesleri akyl taýdan has gowy duýmagyna täsir edýär. Tebigatda kiçijik syýahat hem özümizi has oňaýly duýmagymyza mümkinçilik berýär. Iň soňky gözleglere görä, özümizi gowy duýmaga kömek edýän zat diňe ýöremek däl, eýsem ýöränimizde eşidýän käbir guş seslerimizdir.
ABŞ-nyň biologiýa boýunça aspiranty Danielle Feraro tebigatda geçirilen wagtyň adamlaryň özlerini oňaýly duýmagyna goşant goşýan zatlar barada gözleg geçirdi. Gözlegleriň netijelerine görä, adamlar guş seslerini eşidenlerinde özlerini has gowy duýýarlar.
Danielle Ferraro tebigatdaky köp zatlaryň adamlaryň özlerini oňaýly duýmagyna goşant goşýandygyny, ýöne köpüsiniň diňe duýgy häsiýetlerine gönükdirilendigini aýdýar. Gözlegleriň birinji tapgyry seýilgähde geçirildi. Soňra bolsa tokaýlykdaky guş sesleriniň üstünde barlag geçirildi.
Söýenç AHMEDOW,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler