2018-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaýyň Guanjow şäherinde geçen awtomobil sergisinde Toyota özüniň ady belli we dünýäde iň köp satylýan awtoulaglarynyň biri bolan Toyota Corolla kysymly awtoulagyň 12-nji nesilini bütin dünýä görkezdi.
2019 Toyota Corolla indeks nomeri E210 bolan özüniň 11-nji nesilinden tapawudy örän kändir. Muňa esasy awtomobiliň daş keşbi dizaýny we salony degişlidir.
Deňeşdiren suratlarymyzda görüşiňiz ýaly awtomobil özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Halk köpçüliginde bu awtomobile Toyota Camry-nyň kiçi görnüşi hem diýilýär.
Awtomobiliň salony edil lýuks awtomobillerine garanyňda pesiräk hem bolsa özüniň bahasyna göra örän amatlydyr. Awtomobil häzirki wagtda komplektasiýasyna baglylykda 15.000-den – 23.000 ABŞ-nyň dollary aralykda bahalarda hödürlenýär.
Toýota Corolla häzirki wagtda hödürlenýän komplektasiýalary.
- Başlangyç komplektasiýa Standart, özünde galogen optika bilen hödürlenip, 4 sany howupsyzlyk ýassyklary, elektropaket, ýönekeý kondisioner, öňki otyrgyçlaryny we aýnalaryny ýyladyş, Audio sistema 4 sany dinamika, ýagtylandyryjy datçik we 15 dýumlyk gapakly diskasyny hödürleýar.
- Classic komplektasiýasy, ştatnyý saz sistemasy, 4.2 dýumlyk elektron ölçeg esbaplarynyň reňkli görkezijileri, awtomobiliň rolyny ýyladyş we 16 dýumlyk diska hödürlenýär.
- Comfort komplektasiýasy, 6 sany howupsyzlyk ýassyklary, 8,0 dýumlyk multimediýa sistemasy, iki zonaly klimat kontrol, yzky kamera, awtomobiliň salonyny ýagtylandyryjy, ýagyş datçigi we ştatnyý signalizisiýa.
- Prestige komplektasiýasy, parking üçin öňüne we yzyna datçikler, 17 dýumlyk diska, diod optikasy, açarsyz awtoulagy açmak, Start-Stop knopka we yzky otyrgyçlaryna ýyladyş sistemalary hödürlenýär.
- Safety komplektasiýasy, iň gowysy bolup, awtomatiki ýagdaýda ýagtylandyryjyny söndürmek we ýakmak, awtomatik tormoz howupsyzlygy pyýada adamlary we tigir sürijileri, dinamika radary kruiz kontrol we ýodajyklary basanda duýduryjy sistemalary hödürlenýar.
Awtomobil diňe bir benzin motorynda hödürlenmän, indi Gibrid görnüşinde hem hödürlenýär.
Teswirler