2020-nji ýyl üçin meşhur programmalaryň soňky sanawy düzüldi

“App Enni”-niň hünärmenleri 2020-nji ýylda iň köp ulanylýan ykjam programmalaryň sanawyny yglan etdi. Setiriň başynda “TikTok”, “Tinder” we “Facebook” bar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Sanaw düzülende ýükläp alnan applikasiýalaryň hili we mukdary, şeýle hem olary satyn almak üçin sarp edilen pul mukdary we ulanylyşy hasaba alyndy.

2020-nji ýylda TikTok iň köp ýüklenen applikasiýa boldy. Hünärmenler 2021-nji ýylda sosial ulgamda wideo paýlaşmak üçin döredilen bu programmany ulanýanlaryň sanynyň bir milliarddan geçjekdigini çaklaýarlar.

Şeýle hem ilkinji bäşlikde “Facebook”, “WhatsApp”, “Zoom” we “Instagram” sanawyň yzyny dowam edýär.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylda ulanyjylar “Tinder” tanyşlyk programmasyny ýükläp almak üçin iň köp pul sarp etdiler. “Facebook” bolsa iň aktiw ulanylýan programma öwrüldi.

Göwher ILLIKOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok