Amerikanyň “Time” žurnaly ýylyň şahsyýetiniň adyny yglan etdi. Bu barada Jeyhun.news habar berýär. Bu ýyl žurnalyň okyjylary iki syýasatçynyň ýagny – täze saýlanan prezident Jo Baýdeniň we onuň wise-prezidenti Kamala Harrisiň adyna ünsi jemlediler.
Habarçylar Baýdeni “saýlanan prezident” diýip atlandyrdylar. Maglumatlara görä, täze Prezident indi ähli güýjüni tutuş dünýädäki koronawirusa garşy göreşe gönükdirýär. Baýden we Harris öň syýasatda bäsdeş bolýardylar. Emma indi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny bilelikde dolandyrarlar.
Saýlawyň netijeleriniň yglan edilmeginden bir gün öň žurnal bu ada dalaşgärleriň gysga sanawyny çap etdi. Onda Donald Trump, wirolog Entoni Fausi we koronawirusa garşy göreşýän beýleki adamlar çykyş etdi.
Süleýman ANNAÖWEZOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler