Sport we bedenterbiýe döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygyny höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Häzirki wagtda biz ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw saglyk sapagynyň geçirilendigini we bu ugurda dünýä rekordynyň gazanylandygyny ýatlatdy. Geçen ýyl bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirilip, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy boldy. Wideoduşuşygyň dowamynda Dawid Lappartýen hormatly Prezidentimiziň ýurtda welosiped sportuny wagyz etmek we ony halkara derejä çykarmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça Gahryman Arkadagymyza bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanýandygy hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär.
Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, munuň özi 2007-nji ýyldan bäri bu sylagyň ilkinji gowşurylyşydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň, aýratyn-da, Milli Liderimiziň dönýäde welosiped sportuny ösdürmäge goşandyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Il-gün üçin uly başlangyçlara badalga berýän we ençeme beýik işleri durmuşa geçirýän, durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn.
.
Annagylyjowa Umyt,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler