Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaTürkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geç-ýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2019-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşmöhletini yza süýşürmek hukugyny ýitirenuly ýaşly erkek raýatlary 2019-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenista-nyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerin-den, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluganobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran №568 Permanynyýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Teswirler

Harby gulluga kabul edişlik başlady — IN ASHGABAT

[…] Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli permany esasynda kabul edilýän geljekki esgerler lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, psihologik […]