2-nji noýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 23-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, toparyň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarlydygyny aýtdylar.
Häzir özbaşyna medeni hem-de taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýän üç sany iri taryhy-medeni goraghananyň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Gadymy Nusaýyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi bellenildi. Şol sanda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Mejlisiň barşynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girmek meýilnamalary barada habar berdi, munuň özi medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, öz çäkleriniň durnukly ösdürilmegine maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýola goýlandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hukuk kemsidilmelerine garşy göreş hakynda, medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek hakynda hem-de ýokary bilim babatda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
Kerimmyrat Nurmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler