Şu güne çenli anyklanylan iň uly “gara girdaplaryň” sanawy döredildi.

Adamzat üçin iň uly syrly bolan gara girdap düşünjesi, syryny saklamagy dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, kosmosda şu wagta çenli ýüze çykarylan,  gara girdaplar näme?

Älemdäki asman jisimlerine düşünmek gaty kyn mesele. Gara girdaplar bu ýagdaýyň iň çynlakaý mysallaryndan biridir, bu hakda näçe köp oýlansak, şonça-da syrly bolup galýar. Birnäçe sagat, aýlar, ýyllar hasaplamalardan soň hem maglumatlar gaty az, şonuň üçin netijä gelmek we pikirlenmek mümkin däl ýaly. Ýöne olaryň hakykydygyna ynanýarys we bilýäris.

Adatdan daşary partlamadan soň emele gelen gara girdaplaryň ululygy gaty çaklamasyzdyr. Gara girdaplaryň ululygy ýyldyzlaryň çaknyşmagy wagtynda emele gelen energiýanyň ululygyna we emele gelen elementleriň agramyna baglylykda üýtgeýär. Mundan başga-da, gara girdaplar planetalara we ýyldyzlara garanyňda has dykyz jisimler bolansoň, ululyklary bilen deňeşdirilende uly agyrlyk güýji bar.

Galaktikamyzda azyndan 30 hemra galaktikasynyň bardygy we barlaglar bilen bellidir. Bu gara girdaplar 4-8 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşip, gazlardan we howurdan emele gelendirler.

Şu güne çenli anyklanylan iň uly gara girdaplaryň sanawy:

  • TON 618
  • Holmberg 15A
  • IC 1101
  • S5 0014+81
  • NGC 6166
  • NGC 4889
  • OJ 287
  • NGC 1600

Ilhan MUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok