NASA älemden gelen seslerden audio sanaw çykardy.

NASA Helwiniň “elhenç” mowzugyna uýgunlaşmak üçin çuň giňişlikdäki ses we maglumatlardan peýdalanyp audio döretdi. Soralýan sanawda gaty geň sesler bar we olaryň hemmesi kosmosdan gelen.

Amerikanyň Milli Awiasiýa we Kosmos Dolandyryş gullugy (NASA) 31-nji oktýabr, şenbe güni dürli wakalaryň temasy boljak Halloween üçin gorkunç, ýöne gyzykly sesleriň sanawyny çykardy.

NASA-nyň audiosynda öňki diňlän sanawyňyzdan düýbünden tapawutlydygyny arkaýyn aýdyp bileris. Sebäbi bu sanawda soňky döwürleriň meşhur aýdymlaryny däl-de, kosmosdan gelen gorkunç seslerini eşidersiňiz.

Dürli kosmos gämilerinden we enjamlaryndan gelen sesleri “Chandra” rentgen obserwatoriýasy gönüden-göni gelen maglumatlary ýazýar olaryň arasynda sesleri hem bar, käwagt maglumatlary sese hem öwürýär.

“SoundCloud” ses we aýdym-saz kitaphanasynda neşir edilen sanawda 14 dürli sesli audio bar. Aýdym sanawyny gözden geçireniňizde, haýsy kosmos gämisiniň ýa-da enjamyň nähili ses çykarýandygyny bilip bilersiňiz.

NASA twitterde şeýle ýazdy: “Biz gorkmak islemedik. Täze “SoundCloud” auido sanawymyz, ajaýyp älemimiziň gorkunç seslerini we gykylyklaryny birleşdirýär we biz hemmesini siziň bilen paýlaşmak isleýäris. Helwinde kosmos seslerini diňläň!”

Kakajan BALTAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok