Dünýäniň iň gowy konditer aşpezi

Dünýäniň iň gowy konditer aşpezi, Belgiýanyň şokoldaçysy Pýer Markolini saýlanyldy diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Bu waka koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyl wirtual görnüşde gurnalan meşhur “World Pastry Stars 2020” ýyldyz sergisinde bolup geçdi.
Garaşsyz žurnalistlar tarapyndan düzülen eminler, biragzydan Belgiýaly aşpezi baýrakly oruna mynasyp gördüler.

Markolini 1995-nji ýylda Lionda konditer önümleri boýunça dünýä çempiontynda hem 1-nji orun diýlip yglan edilipdi we şol ýylyň özünde Brýusselde “La Maison Pierre Marcolini” kompaniýasyny esaslandyrypdy.

Häzirki wagtda Markolininiň Belgiýada, Fransiýada, Angliýada, Ýaponiýada şeýle hem Hytaýda 40-dan gowrak dükany bar.

Atdaýew Begenç
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok