Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler

Wise-premýer M.Mämmedowa hökümet mejlisinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň guraljakdygyny aýtdy.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlara watançylyk, ýokary ahlak, sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine, halkyň däp-dessurlaryna we ruhy mirasyna hormat goýmagy ugrunda işleri alyp barýar. Guramanyň agzalary tarapyndan dürli medeni çäreler, ylmy we amaly konferensiýalar, şeýle hem okuwçylaryň, oba ýaşlarynyň arasynda, şol sanda maýyplaryň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok