Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.
Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.
Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine garady.
Soňra Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň içeri syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.
Teswirler