Oba hojalygy – maddy önümçiligiň ikinji esasy pudagydyr. Oba hojalygy diňe bir gadymy däl, eýsem has giňden ýaýran maddy önümçilik pudagydyr. Dogrudan hem, dünýäde ilaty oba hojalygy ýa-da onuň bilen baglanyşykly tokaý hojalygy, awçylyk, balykçylyk bilen meşgullanmaýan ýekeje döwlet hem ýokdur. Bütin dünýäde oba hojalygynda 1,1 mlrd-a golaý adam meşgullanýar.
Oba hojalygy dünýäniň hemme ýerlerinde ösdürilýär. Şoňa baglylykda önümçiligi guramagyň köpdürli görnüşleri ýaýrandyr. Alymlar oba hojalygyny ýoretmegiň 50-den gowrak görnüşini (tipini) tapawutlandyrýarlar. Ýöne olaryň hemmesini iki uly topara birleşdirmek bolar. Birinjiden, bu ösen harytlyk oba hojalygydyr (oba hojalygy esasan satmak üçin harytlyk önümleri öndürmäge ýörüteleşýär). Ol ylmy esasda gurnalan tohumçylygy, ekin dolanşykly intensiw ekerançylygy, ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek bilen utgaşýan intensiw maldarçylygy, bagçylygy we gök ekerançylygy, şeýle-de öri meýdan maldarçylygy öz içine alýar. Ikinjiden, bu ýönekeý zähmet gurallaryny peýdalanýan yzagalak (ekstensiw) ekerançylygy, çarwa we ýarym çarwa maldarçylygyny, şeýle-de tokaýlarda önüm ýygnamaklygy, awçylygy we balykçylygy öz içine alýan sarp ediliş oba hojalygydyr (oba hojalygynyň esasy wezipesi ilatyň özüniň sarp etmekleri üçin önüm öndürmegidir).
Ykdysady taýdan ösen ýurtlarda, esasan-da industrial ösüş boýunça ýokary derejä ýeten döwletlerde, ýokary harytlyk oba hojalygy görnetin agdyklyk edýär. YTÖ eýýamynda ol mehanizasiýanyň we himizasiýanyň mümkin bolan çägindäki ýokary derejä ýetdi we häzir onuň ösüşinde esasy orny mikroelektronika, awtomatizasiýa, seleksiýanyň, genetikanyň we biotehnologiýanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak eýeleýär. Bu ýurtlarda agrosenagat toplumynyň agrobiznes diýilýän görnüşe ösüşe eýe boldy. Ol oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen birlikde, ony gaýtadan işlemegi, saklamagy, daşamagy we ýerleşdirmegi, şeýle hem tehnikalary, dökünleri we baş. öndürmegi öz içine alýar. Ol oba hojalygyna industrial häsiýet berýär.Ösýän döwletlerde hem harytlyk oba hojalygy ösdürilýär. Ýöne bu ýurtlarda esasan sarp ediliş oba hojalygy giňden ýaýrandyr.
Haryt hojalygy – bu hasylly ýerleri eýeleýän, hakyna tutma işçi güýjini, maşynlary, dökünleri, emeli suwaryşy giňden peýdalanýan, ylmy esasda gurnalan uly plantasiýalar we fermalardyr. Olarda önümçilik içerki we daşarky bazara niýetlenendir we özboluşly “döwletiň içindäki döwleti” emele getirýärler. Ýöne şeýle plantasiýalar adatça aýry-aýry ojaklar görnüşinde – nirede ol ýa-da beýleki ekini ýetişdirmek üçin has amatly şertler bar bolsa, şol ýerlerde ýerleşýärler. Ösýän döwletlerde adaty sarp ediliş (ýa-da az harytly) oba hojalygy agdyklyk edýär. Olarda esasan ekerançylyk pudaklary ösdürilýär. ABŞ we Ýewropa ýurtlaryndan tapawutlylykda ol maldarçylyk bilen utgaşdyrylman, eýsem onuň bilen baglanyşyksyz hereket edýär. Az harytly sektor ýüzlerçe mln. kiçi we ownyjak hojalyklary öz içine alýar, Olar iň “arzan” kaloriýany berýän sarp ediliş ekinlerini ýetişdirýärler.
Ekerançylyk. Däneli ekinler – dünýä oba hojalygynyň esasydyr. Dünýäde däneli ekinler ähli işlenip bejerilýän ýerleriň 1/2 bölegini tutýar. Olaryň meýdany ilatyň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gabat gelýär. Dänäniň dünýä önümçiligi kem-kemden artýar we ýylda 2 mlrd. tonna ýetdi. Däne hojalygy, obrazlaýyn aýdylanda üç “nan ekinine” – bugdaýa, şala we mekgejöwene esaslanýar. Olar jemi ýygnalýan dänäniň 4/5 bölegini berýär we adamlaryň ähli iýmit rasionynyň tas ýarysyny üpjün edýär.
Bugdaý – adamzadyň takmynan ýarysynyň baş çöregidir. Akademik N.I. Wawilow (1887-1943ý.) bu ekiniň ýüze çykan ojagynyň Alynky Aziýa we Ortaýer deňiz sebitidigini kesgitledi. Ol ýerlerden bugdaý kem-kemden bütin dünýä ýaýrapdyr. Ýöne biziň ýurdumyzyň çäginde hem bäş müň ýyl ozal bugdaý ösdürilip ýetişdirilipdir. Ony Änew şäheriniň golaýyndan tapylan ak bugdaýyň däneleri subut edýär. Biziň günlerimizde dünýäniň bugdaý meýdany ähli ýaşalýan kontinentleri gurşap alýar. Esasy bugdaý guşaklygy demirgazyk ýarym şarynda, göwrümi boýunça kiçisi – günorta ýarym şaryna uzalyp gidýär. Ýylyň dowamynda Ýer şarynyň ol ýa-da beýleki böleklerinde bu ekiniň ýygnalmaýan ýekeje aýy hem ýokdur. Bugdaý 70-den gowrak döwletde ýetişdirilýär, ýöne onuň jemi ýygnalyşynyň agramly bölegi bary-ýogy birnäçe döwletiň paýyna düşýär. ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada, Hytaýda, Hindistanda, Russiýada, şeýle-de Fransiýada, Ukrainada, Argentinada, Gazagystanda dünýäniň esasy harmanlary – bugdaý hojalygynyň ýöriteleşdirilen sebitleri ýüze çykdy. 10–njy suratda bugdaýy köp öndürýän ýurtlar barada maglumat berilýär.
Şaly – adamzadyň tas ýarysynyň diýen ýaly, çöregiň ýerini tutýan, esasy azyklyk önümidir. Ol iň gadymy ekinleriň biri bolup, Hytaýda biziň eýýamymyzdan has irki döwürlerde ýetişdirilipdir. Bugdaý ýaly, şaly soňra beýleki kontinentlere ýaýrapdyr. Biziň günlerimizde şaly ýetişdirmek bilen 100-den gowrak döwlet meşgullanýan-da bolsa, dünýä boýunça onuň ýygnalyşynyň 9/10 bölegi Aziýanyň “şaly öndürýän” ýurtlarynyň paýyna düşýär. Dünýäde ähli suwarymly ýerleriň 2/3 bölegini şaly meýdanlary tutýar. Şaly öndürmekde Hytaý, Hindistan, Bangladeş, Indoneziýa, Filippinler, Tailand, Wýetnam has tapawutlanýar. Soňky ýyllarda bu ekiniň geografiýasynda käbir üýtgeşmeler bolup geçýär. Indi şaly ABŞ-da, Braziliýada, Meksikada, Merkezi Amerikanyň çäklerinde köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.
Mekgejöweniň watany Meksika hasaplanýar. Täze dünýäniň açylmagy bilen , ol bu ýerden dünýäniň beýleki döwletlerine ýaýradyldy. Bu ekiniň meýdanlary köp babatda bugdaýyň meýdanlary bilen gabat gelýär. Soňky ýyllarda mekgejöweniň diňe bir däne däl-de, eýsem gök ot hökmünde ösdürilip ýetişdirilmegi, onuň ýaýraýyş zonasynyň giňelmegine getirdi. Ýöne, ony esasy öndürijiler ABŞ, ondan soňra Hytaý we Braziliýa bolmagyna galýar.
Dünýä bazaryna ähli öndürilen dänäniň, esasan-da bugdaýyň we mekgejöweniň 10-15% gelip düşýär. Ony esasy eksport edijiler – däne hojalygyhalkara ýöriteleşiş pudagy bolup durýan ýurtlarydyr: ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Fransiýa, Argentina. Meselem, Kanada we Awstraliýa her ýylda ýygnalýan bugdaýyň, Argentina – mekgejöweniň 80% -e çenli mukdaryny eksport edýärler. Mallar üçin iýmlik däne esasan Günbatar Ýewropa we Ýaponiýa, azyklyk däne bolsa dänäniň az öndürilýän ösýän döwletlere gelip düşýär.
Gurbanow Wepa,
TOHU-nyň talyby
Teswirler