Dermanlyk ösümlikler barada ylmy pikir alşyldy

Gahryman Arkadagymyzyň jöher zehininden syzylyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik kitaby halkymz üçin uly gollanma mekdebi bolup durýar. Bu kitabyň her sahypasynda dürli-dürli ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dogrusynda giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen tebigatynyň her daban topragynda bitýän ösümligiň dermanlyk häsiýeti ulydyr.

Ine şu jähtden ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniweristetinde mugallymlaryň we talyplaryň arasynda ylmy pikir alyşma güni geçirildi. Bu pikir alyşmanyň çäginde birnäçe dermanlyk häsiýetli ösümlikler dogrusynda durulyp geçildi.

Şol dermanlyk ösümlikleriň biri hem “göýül ösümligi” bolup durýar.  Göýül ösümligi barada aýdanymyzda, ösümligiň 50 ýyla golaý ömri bolup bu ösümlik  ýabany şertlerde hem ösmäge ukyplydyr. Ösümligiň nobatlaýyn baldagynda maýdaja tikenleri bardyr. Kök ulgamy örän güýçli we uzyn bolup 10-12 metr aşakda ýerleşýän suwa ýetip bilýär.

Ösümlik bir ýylyň dowamynda 200 gramdan – 1 kg çenli miwe bermäge ukyply bolup durýar. Ösümlik, mart aýyndan tä oktýabr aýyna çenli gülleme we miwe berme möwsüminde bolýar. Birnäçe ýurtlarda bu ösümlik ösdürilip ýetişdirilip senagatyň birnäçe pudaklarynda ulanylýar. Mysal üçin, Türkiýede birnäçe keselleri bejermekde, erroziýa garşy ulanylýar. Ispaniýada bolsa göýül miwesinden ýörite duza ýatyrylyp gaplanan önümleri görmek bolýar. Ýewropa ýurtlarynda bagyr bejergisinde, himiýaterapiýadan galan yzlary aýyrmak üçin ulanylýar. Şol sebäpli bu ösümlige Ýewropa ýurtlarynda isleg uly bolup durýar.

Ermeni lukmançylykda rewmatizme garşy (guragyry) ulanylýar. Halk lukmançylygymyzda bolsa kelle agyryda, böwrek we dalak kesellerinde şeýle-de babasyl keselinde giňden ulanylýar. Nohur we Arçman sebitlerinde göýüliň köküni sarymsak bilen ýenjip saç dökülmä garşy ulanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Daýançmyrat Mürrikow

Şeýle-de okaň:
Papaýa we Banan agaçlaryny köpeltmek meselesine garaldy
Tropiki miweleri Türkmenistanda ýetişdirmek barada ylmy pikir alyşma geçirildi
Injir agajynyň ekilşi barada pikir alyşma geçirildi
Eksport potensiýaly – azyk bolçulygynyň habarçysy
Oba-hojalygyna zyýansyz möjejikleri köpeltmeli

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok