Gurluşyk önümleri kärhanasynyň kuwwaty ep-esli ýokarlandy

Welaýatyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň Gurluşyk önümleri kärhanasynda öndürilýän keramzit, bişen kerpiç, beton gurnawlary hem-de beýleki önümler giňden ulanylýar. Häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze bölümleriň işe girizilmeginiň netijesinde, kärhananyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy. Kärhana boýunça şu ýylyň dokuz aýynda 6000 kub metr beton gurnawlary, 1 million 100 müň sany bişen kerpiç, 2400 kub metrden gowrak keramzit taýýarlanyp, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy — diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Jora Džumakulow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok