Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Ýaş alymlaryň döredijilik başlangyçlaryny ösdürmekde ylmy-önümçilik merkeziniň ähmiýeti” atly wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirildi.

Bu wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan onlaýn ylmy-amaly maslahatyna iki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we olaryň ulanylyşynyň aýratynlyklary, elektrik torlarynyň üpjünçiligi hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokarlanmagyna itergi berýän logistiki merkezleriniň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe logistiki ugurlarynyň ähmiýetliligi barada gyzykly temalary bilen çykyş etdiler.

Reýhan Güýjowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok