6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçildi

Düýn – 6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenildi.

Şu gussaly sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy paýtagtyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanyldy.

Çaryýew Azat
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok