Welosport (trek)

Welosport (trek) tiz depginli we çekeleşikli ýaryş bolup, ol ýekeleýin we toparlaýyn dissiplinalary öz içine alýar. Türgenler öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny we ýaryşmak usulyny 43 derejeli kenarýaka welotrek ýodasynda görkezmeli. 

Sport görnüşi:Welosportuň trek görnüşi öz gezeginde iki uly topara bölünýär: sprint ýaryşlar we çydamlylyk ýaryşlar. Her bir görnüş boýunça şahsy we toparlaýyn ýaryşlar geçirilýär. Welosportuň trek görnüşinde sprint ýaryşlar 8 we 10 aýlaw boýunça geçirilmegi garşydaşlaryň güýç derejesine we gysga aralykda geçirilýän ýaryşda ugur alýan ýörelgelerine baglydyr. Çydamlylyk boýunça geçirilýän ýaryşlar has uzak aralykda geçirilýän, aýlawlaryň sany 120-ä ýetýär, mysal üçin, dünýä çempionatlarynda ýa-da Olimpiýa oýunlarynda doly aralykda geçirilýän Medison ýaryşy.

Gelip çykyşy: Käbir maglumatlara görä, welosportuň trek görnüşi 1870-nji ýylda döräpdir. Welosport dörän wagty, häzirki wagtda ulanylýan üsti ýapyk welotreklere meňzeş ýodajyklar ulanylýardy. Olar iki sany göni we öwrümde biraz gyşardylan ýodalardan ybarat bolupdyr.Welosportuň trek görnüşi boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1893-nji ýylda Çikago şäherinde geçirildi. Sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlaryň maksatnamasyna 1896-njy ýylda girizildi we ýaryş diňe 1912-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda geçirilmedi.

Gysga maglumatlar: Welosport ýaryşy boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1893-nji ýylda Çikago şäherinde geçirildi.

Özüniň 122 ýyllyk taryhynda, sportuň bu görnüşiniň dünýä çempionatyna 23 döwlet gatnaşdy. Şol sanda, Ýaponiýa, Kolumbiýa we Wenesuella döwletleri. Bu çäre Fransiýada 15 gezek geçirildi. 1896-njy ýyldan bäri welotrek Olimpiýa sporty diýlip hasaplanylýar.

Gülruh ATABAÝEWA
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok