Russiýada Beýik Watançylyk urşunyň ýörite instituty dörediler

Beýik Watançylyk urşunyň taryhyn öwrenýän institutyň açylmagy baradaky pikir ilkibaşda SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň agzasy Isaaak Minsaň aklyna gelipdi.

Indi, ol pikirden soňra nije ýyllar yzda galdy. Ýakynda, “Ikinji jahan urşy we  Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 75 ýyllygy ” atly halkara konferensiýa geçirildi we konferensiýada Isaak Minsaň pikirini ýola goýmak barada işleriň yzygiderligi meýilleşdirildi.

Garaz, konferensiýa gatnaşanlaryň ählisi bu pikiri biragyzdan golladylar. Bu barada Turkmenportal web saýty habar berýär. 

Uruş ýyllarynyň suratlary, maglumatlary we birnäçe degişli maglumatlary bilen gyzyklanýanlar üçin gelejekde açylmagy meýilleşdirilýän institut,  öz gapylaryny birnäçe ýyldan  giňden açar.

Sylapberdi Mämmedow

Şeýle-de okaň:
Weteranlar üçin orkestr sazly sowgat
WETERANLAR BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş
Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme kabul edildi
Günüň esasy temasy: Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok