2020-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda, Moskwa wagty bilen sagat 14:20-de üç sany “Gones-M” aragatnaşyk hemrasy “Soýuz-2.1b” raketasynda (Russiýa) kosmosa uçuryldy. Bu barada GDA-nyň internet portaly habar berýär.
Gones-M hemralarynyň “Soýuz-2.1b” rekatasy bilen ilkinji gezek uçurylandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Çünki, ondan öň “Rokot” öwrüliş raketasynyň orbitasyna ýerleşdirilipdi.
Üç sany “Gones-M” hemrasy bilen bilelikde 19 sany kiçi hemra hem geçip barýan ýük hökmünde kosmosa çykdy. Bular, hususan-da, Russiýanyň dört uniwersitetiniň enjamyndan – Moskwa döwlet uniwersitetiniň ýadro fizikasynyň gözleg instituty tarapyndan işlenip düzülen “Dekart”, Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň “Norby”, şeýle hem Bauman Moskwa döwlet tehniki uniwersitetinde döredilen “Ýarilo-1” we “Ýarilo-2” atly enjamlardan ybaratdyr. Bu enjamlar, Gones-D1M şahsy hemra aragatnaşyk platformasynyň esasyny düzýär. Bu platforma dünýä derejesinde abonentlere maglumat geçirişini we ykjam aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.
Şu ýylyň dördünji çärýeginde – noýabr ýa-da dekabr aýlarynda ýene üç sany Gones-M hemrasyny kosmosa uçurmak meýilleşdirilýär.
Teswirler