Birleşen Milletler Guramasynyň Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk Gününiň döredilmegi, hakykatdanam ilkinji güýz aýynyň 12-nji sentýabry bilen baglanyşyklydyr. 1978-nji ýylyň bu güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň wekilleri Argentinanyň paýtagty “Buenos Aýres” şäherinde ýygnandylar hem-de ösýän ýurtlaryň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek we durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasyny tassykladylar. Maslahatda kabul edilen Hereket meýilnamasy 138 ýurduň wekilleri tarapyndan işlenip düzüldi we hyzmatdaşlygyň netijesinde öz-özüni üpjün etmeklige gönükdirilen 38 teklip öňe sürüldi[1].
1978-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy bölümi döredildi, ýöne bu bölüm diňe 90-njy ýyllardan başlap dünýä ykdysadyýetine täsir edip başlady.
Ösýän ýurtlaryň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek we durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasynyň tassyklanan güni bolsa her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk güni hökmünde 12-nji sentýabrda bellenilýär. Bu şanly senäniň her ýyl bellenilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2011-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 66/550 karary bilen döredildi.
Aslynda, BMG-niň Baş Assambleýasy 2003-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky № A/RES/58/220 karary bu günüň her ýylyň 19-njy dekabrynda bellenilmegini tassyklady, ýöne soňra 2011-nji ýylda senesi 12-nji sentýabrda üýtgedildi. Munuň esasy sebäbi bolsa, Argentinada kabul edilen Hereket meýilnamasynyň kabul edilen gününiň ähmiýetini berkitmekden ybaratdy.
BMG-niň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň Hereket meýilnamasy ösýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy aňladýar. Baş Assambleýanyň bu babatdaky karary, ösýän ýurtlaryň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy üçin esasy jogapkärçiliginiň bardygyny ykrar edýär, şol bir wagtyň özünde ösýän ýurtlara hyzmatdaşlygy giňeltmekde dünýä jemgyýetçiliginiň kömek etmeginiň zerurdygyny nygtaýar. Mundan başga-da BMG-niň kararynda: “Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy asla Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygynyň ornuny tutmaly däldir” diýlip bellenilýär[2] .
BMG-nyň Baş sekretary, 2005-nji ýylda Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk gününe bagyşlanan ýüzlenmesinde ösýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda gazanylan möhüm üstünlikleri belläp, hyzmatdaşlygyň potensialynyň tükeniksizdigini nygtady.
BMG-niň Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk güni diňe bir bu ugurdaky ýurtlar tarapyndan däl, eýsem Gündogar-Günorta, Demirgazyk-Günorta, şol sanda özara gatnaşyklary bu ugurda ösdürmegiň tarapdary bolan ýurtlar tarapyndan bellenilýär.
BMG bu şanly sene mynasybetli 1978-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Argentinanyň Buenos Aýres şäherinde kabul edilen Ösýän ýurtlaryň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek we durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky başlangyçlar we gymmatly teklipler üçin ýörite Günorta-Günorta baýragyny döretdi.
BMG-niň Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk gününe bagyşlanylyp, 2004 – “Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyň üsti bilen ösüş maksatlaryna ýetmek”, 2005-nji ýylda “Günortanyň fazyletleri: dürlilik we döredijilik”, 2006-njy ýylda “Günorta-Günorta gatnaşyklaryň täze dinamikasy we ösüş üçin üçburç hyzmatdaşlygy”, 2016-njy ýylda “Günorta üçin howa hyzmatdaşlygynyň inkubatory” atly ýyllyk mowzuklary geçirildi.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
[1] http://irbeika.ru/news/media/2018/9/12/den-sotrudnichestva-yug-yug-organizatsii-obedinennyih-natsij/
[2] https://ru.wikipedia.org/wiki/День_сотрудничества_Юг-Юг_Организации_Объединённых_Наций
Teswirler