“Aşgabat” seýilgähinde açyk meýdan synagy

Özbegistanda ýokary mekdeplere giriş synaglary açyk meýdanda geçirmegi kararlaşdyryldy. Synagyň geçiriljek ýerleriniň arasynda paýtagt Daşkent şäherinde ýerleşýän “Aşgabat” seýilgähinde geçiriljekdigi barada maglumat Özbegistanyň Döwlet test merkeziniň resmi saýtyndaky sanawda ýer aldy.

Häzirki günlerde Özbegistan Respublikasynda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary dowam edýär. Ýokanç kesellere garşy berk çäre göreşmek masady bilen, ýokary okuwa giriş synaglary pandemiýa şertlerine geçirmek kararlaşdyryldy.  Synaglar açyk meýdanda stadionlarda we seýilgählerde geçirilýär. “Aşgabat” seýilgähine bir wagtda 1590 abiturent ýerleşip bilýär. Synaglara 2-nji sentýabrda badalga berildi. Adatdan daşary ýagdaýlar, howa şertlerinde üýtgeme bolmasa 14-nji sentýabra çenli dowam etmegi meýilleşdirilýär.

Dalaşgärler örän berk barlagdan geçirilip, synag ýerlerine alynýar. Her dalaşgär üçin 3 m2 ýer taýýarlandy. Synaglar iki salkynda geçirilýär: irdenki salkyn sagat 8:00-da, gündizki salkyn 17:00-da geçirilýär. Guramaçylar synaglaryň gözegçilginde dronlardan hem peýdalanylýar.

Özbegistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Döwlet test merkezi abiturentleri synag geçiriş tertibini wideorolik arkaly ýetirdi.

Kuz.UZ habar agentligi synaglaryň ilkinji geçirilşi barada wideohabar paýlaşdy.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähi 2018-nji ýylyň 23-nji 23-nji aprelinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok