Saýtda Gruziýanyň Daşary işler ministri Deýwid Zalkalianiň türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen onlaýn duşuşygynyň bolandygy barada habar berilýar.
Duşuşykda söwda we ykdysady, ulag, energiýa, logistika, syýahatçylyk we halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler halkara transport we üstaşyr geçelgelerine ünsi jemlediler. Gara deňiz-Hazar deňzi we Lapis Lazuli taslamalarynda köptaraplaýyn formatda kabul edilen kararlary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Taraplar pandemiýa gözegçilik çäreleri we häzirki ýagdaý barada maglumat alyşdylar.
Teswirler